Hojalyk Jemgyýeti

«Salkyn Plýus»

Hojalyk Jemgyyetiň taryhy

                 «Salkyn plýus» kompaniýasy doganlar Orazdurdy we Sylapberdi Mantyýewler tarapyndan 2000-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň düzümine, güýçli depginler bilen ösýän üç sany: «SALKYN» - doňdurma önümlerini öndürýän; «ELIN» – süýt we süýt önümlerini öndürýän; «KUWWATLY HALAL» – Halal et we şöhlat önümlerini öndürýän - kompaniýalar birikýär.

           «SALKYN» haryt nyşanly doňdurma önümlerini öndürýän önümçilik 2000-nji ýylda esaslandyryldy. Bu önümilik iň döwrebap «Tetra-Pak» kysymly kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Şu günki günde «SALKYN» haryt nyşanly doňdurmalar ýurdumyzyň içerki bazarlarynda özüniň ýokary hili we öndürilýän önümiň satylyşy boýunça öňde baryjy orny eýeleýär.

                 2008-nji ýylda «SALKYN» kompaniýasynyň çäginde «ELIN» haryt nyşany bilen süýt we süýt  önümlerini öndürýän täze önümçilik sehi ulanylyşa girizildi. Bu önümçilik sehi Italiýanyň we  Germaniýanyň ady belli: «Ave Industries», «Bertolli», «Seital», «MP Inox», «Inox Spa», «Alfa-Laval», «FIC», «Gernep GmBh» ýaly we beýleki iň öňde baryjy şereketleriň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda «ELIN» haryt nyşanly süýt we süýt  önümleri bazarda uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanyň içerki bazarlarynda jemi sarp edilýän süýt önümleriniň umumy möçberiniň 65-70% - göterimi «ELIN» süýt  önümleriniň paýyna düşýär.ha

                 «KUWWATLY HALAL» - kompaniyyasy 2015-nji yylda esaslandyryldy. Bizin esasy maksadymyz - hazirki zaman osen tehnologiyalaryn esasynda yokary hilli et we sohlat onumlerini ondurmekdir. Onume gosulyan gosundylary- ingrediyentleri yhlas bilen saylamak we oz alyjylarymyza bolan sylap-sarpa - bizin ustunliklerimizin acarydyr. «KUWWATLY HALAL» - bu Turkmenistanda ilkinji bolup - Halal Certificate ( № 5431 Halalworld Organization, Iran)- sahadatnamasyny alan kompaniyadyr. Su gunki gunde bizin onumlerimizin hatarynda yokary hilli gaynadylan, kakadylan hem-de yarym kakadylan et we sohlat onumlerinin kop gornusleri bar.

Hojalyk Jemgyýet barada

            Şu günki günde biziň işewürligimiziň esasy ugry – hususy söwda ulgamy arkaly iýmit önümleriniň bölek söwdasynyň amala aşyrylyşy boýunça gönümel distribýutorlygy we logistikasy bolup durýar. Lomaý söwdadan daşary ýurtly önüm öndürijileriň resmi wekilçiligine geçmeklik bize ýurdumyzda önümleriň ýokary hilli we öz wagtynda paýlanylmagy bilen meşgullanmaklyga mümkinçilik berýär. Önümleri paýlamaga bolan aýratyn hukuga esaslanan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem öz gezeginde bize bazarlarda nyrhlaryň üýtgemekligi bilen bagly töwekgelçiligi azaltmaga, önüm öndürijilere bolsa öz hususy söwda nyşanlarynyň hem-de brendleriniň bähbidini göz öňünde tutmaga ýardam berýär.

 

 

 

400 işgärler
230 ýol serişdeleri
10 000 söwda merkezi
4 150 000 satyn alyjy

Kompaniýanyň iş alyp barýan ýerleri

          «Salkyn plýus» kompaniýasy Türkmenistanyň hemme sebitlerinde iş alyp barýar. Tutuş ýurt boýunça bölekleýin söwdany ýokary hilli amala aşyrmak - kompaniýanyň esasy ýörelgesidir. Bellenilen iş meýilnamalarynyň, diňe şu ýörelgäniň esasynda üstünlikli ýerine ýetirilmegi mümkindir.

Bazardaky sarp edijileriň biziň kompaniýamyzyň paýyna düşýän umumy paýy 67% - göterimden köpdür
- Adam sany 500 000 adamdan köp
- Adam sany 30 000 adamdan köp
- Adam sany 1 000 adamdan köp

Biz «Salkyn Plýus»

Merdan Öwezgylyjow

---

Dolandyryjy «Elin»

Nazar Durdyýew

---

Dolandyryjy «Kuwwatly»

Güýchmyrat Amannazarow

---

Maliye dolandyryjy «Salkyn plus»

Aganiyaz Çaryyew

---

Hukuk goraýjy «Salkyn plus»

Artýom Ýermakow

---

Daşary ýurt aragatnaşyk dolandyryjy «Salkyn plus»

Agajan Alladurdyýew

---

Dolandyryjy «Salkyn»